Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Hytaýyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Hytaýyň Nebit Uniwersiteti, Sian Nebit Uniwersiteti we Hebeý Nebit Hünär-Tehniki Uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu duşuşyklaryň netijesinde, Türkmenistanda geologiýa, maglumat tehnologiýalary, önümçilik prosesleri we beýleki ugurlar boýunça akademiki alyş-çalyş programmalaryny ösdürmek maksady bilen «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada Ähtnama gol çekildi. Taslamanyň maksady milli ykdysadyýetiň esasy ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we täze nesil hünärmenleri döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdyrmakdyr.
«Lu Ban ussahanasy» Hytaýyň Bilim ministrliginiň goldawynda döredilen halkara taslama bolup, önümçilik we tehnologiýa ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Şu günki güne çenli dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda şeýle merkezler açyldy. Türkmenistanda bu taslama hormatly Prezidentiň Hytaýa döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň çäginde durmuşa geçirilýär.
Hytaýyň nebit ugurly ýokary okuw jaýlary bilen geçirilen gepleşiklerde, nebit-gaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, şeýle-de ylmy barlaglary we tehnologiki innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, türkmen we hytaý bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeldip, “Iki diplom” maksatnamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň bilim ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly milli hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Pekin we Sian şäherlerinde geçirilen duşuşyklar hem geljekde bilim we ylmy hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini görkezýär.
Şadurdy Jemşidow,
Türkmen oba hojalyk institutyň
3-nji ýyl talyby