Ýaňy ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň “BMG dostluk oýunlary” baradaky başlangyjy biragyzdan tassyklandy we bu barada degişli karar kabul edildi.
Bu çäräniň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçendigi bellärliklidir. BMG-a agza ýurtlaryň Türkmenistanyň başlangyjyny goldamak, Türkmenistanyň parahatçylyk syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň we hemişelik bitaraplyk statusynyň ykrar edilendiginiň subutnamasydyr. Bu kararyň aýratyn ähmiýeti, 87 döwletiň bu resminamanyň awtordaşy bolmagydyr.
BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar. Kabul edilen karar, BMG-nyň Türkmenistanda bedenterbiýe we saglyk hereketini ösdürmäge we sport pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri goldaýandygyny görkezýär.
Pirnepes KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.