logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
  14.12.2022
1086
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

13-nji dekabrda,  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji duşuşygy üç ýurduň milli ykdysadyýetleriniň esasy ugry bolan strategik energetika ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Onuň netijeleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meselelerine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de bilelikdäki işiň soňky ýyllarda gazanylan oňyn tejribesini hem-de bar bolan serişdeler we önümçilik kuwwatyny nazara almak bilen, täze geljegi uly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň geljekki sammitiniň şu ýolda möhüm ädim boljakdygyna, dostlukly ýurtlaryň we doganlyk halklaryň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. 

 

«Türkmenistan Altyn asyr»