logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz eksporty artýar
  30.11.2023
636
Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz eksporty artýar

Abc.az portalynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda Azerbaýjan içerki bazarda gök ýangyja uly isleg bildiren döwletleriň hatarynda durýar. 2023-nji ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gaz satyn alşyny ep-esli artdyrdy. Çeşmede çap edilen statistikalara görä, türkmen gazynyň importy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,1 esse ýokarlandy we 1,3 milliard kub metr boldy.

 

 

Gazyň eksporty 2021-nji ýylyň dekabryndan Eýranyň üsti bilen çalyşmak meýilnamasy boýunça amala aşyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän gazyň bahasy 76,9 million dollardan 182,8 million dollara çenli ýokarlandy. Türkmenistandan 1000 kub metr gazyň ortaça bahasy 125-den 143 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

 

 

Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde türkmen halky bilen taryhy we ynsanperwer umumylygy birleşdirýän milletler we döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär.

 

 

Tarhan ÇUNGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.