Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanda ylym we bilimde ösüş gazanylýar
  15.11.2024
151
Türkmenistanda ylym we bilimde ösüş gazanylýar

Türkmeniň ylmynyň dünýä arenasynda: Neşirçilik işiniň çalt ösüşi

 

Soňky ýyllarda Türkmenistan, halkara ylym we bilim arenasynda öz orny üçin uly ädimler atýar. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary, akademiki abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy ylmy žurnallarynda we sanly platformalarda işlerini neşir etmekde işjeňlik görkezýär. Neşirçilik işiniň artan derejesi, türkmen alymlarynyň halkara ylym ulgamynda ygtybarly orna eýe bolmagyny üpjün edýär.
 

Neşirçilik işiniň ösüşi
 

Türkmen alymlarynyň ylmy işleriniň sanly platformalarda we “eLibrary.ru”, Russiýanyň ylym indeksini (RINC), şeýle hem “Scopus” we “Web of Science” ýaly meşhur naýranmagyz ylmy maglumat bazalarynda ýerleşdirilmegi, ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe. 2019-2023-nji ýyllar aralygynda türkmen awtorlarynyň “eLibrary.ru” platformasyndaky işleriniň sany 95 esse artdy. Bu görkezijiniň, ýurduň ylmy abraýyny güýçlendirýän möhüm faktorlardan biri hökmünde kabul edilýändigini görkezýär.
 

Ylmy işleriň sitata alnyşy
 

Türkmenistanyň alymlarynyň umumy sitata alnyşy geçen ýyllarda 5 esse artdy. Bu, Türkmenistanyň ylmy hem-de akademiki derejesiniň dünýäde has giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Şeýle-de, 2024-nji ýyl üçin neşir edilen makalalaryň sanynyň has-da ýokarlanmagy garaşylýar.
 

Iň öňdebaryjy uniwersitetler
 

Türkmenistan boýunça iň işjeň neşirçilik alyp barýan ýokary okuw jaýlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty boldy. Bu institutlaryň alymlary, ylmy işlerini halkara žurnallarynda we sanly platformalarda giňden ýaýradyp, ylym we tehnologiýalar ulgamynda möhüm ähmiýete eýe bolýarlar.
 

Netije:
 

Türkmenistan, dünýäde ylym we bilim ulgamlarynda üstünlikli goşant goşýan ýurtlaryň birine öwrülýär. Şeýlelikde, bu üstünlikler, Türkmenistanyň ylmy we akademiki abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler açýar.
 

Türkmen uniwersitetleriniň neşirçilik işiniň ähmiýeti barada has köp maglumat üçin ýörite materialy NT okap bilersiňiz.
 

Jeren ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby.