Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmek we telekommunikasiýa infrastrukturasy bilen ilata has amatly hyzmatlar hödürlemekde täze ösüşleri amala aşyrýar. Ýurduň tehnologiýa pudagyndaky reformalar we sanly çözgütler dürli ugurlarda, şol sanda poçta, maglumat hyzmatlary, internet, we öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynda öz täsirini görkezýär.
Ýurduň öňdebaryjy mobil operatory “Altyn Asyr” 4G hyzmatlaryny giňeltmek bilen, häzirki wagtda 5G aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça barlag geçirýär. Bu täze tehnologiýa, ýokary tizlikde maglumat alyş-çalşyny üpjün edip, internet zadyň, “akylly öý” we “akylly şäher” taslamalaryna uly täsir ýetirmegi göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, Türkmenistan elektron söwda we onlaýn hyzmatlar ulgamyny giňeldip, “Çapar” ykjam platformasyny işe girizdi. Bu programma bilen ilat poçta, taksi we beýleki hyzmatlardan sanly ulgam arkaly peýdalanyp bilýär. Mundan başga-da, sanly bilim we saglygy goraýyş ulgamlary hem döwrebaplaşdyrylýar.
Döwlet syýasaty telekommunikasiýa hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, olaryň ygtybarlylygyny we ulanyjylara amatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu täze ösüşler Türkmenistanyň sanly ulgamlarda ösen döwletler bilen bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Serdar Baýramberdiýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň III ýyl talyby.