logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Türkmenistanda tebigy gazyň ýokary basyşly täze akymy alyndy!
  20.06.2023
899
Türkmenistanda tebigy gazyň ýokary basyşly täze akymy alyndy!

Mälim bolşy ýaly «Galkynyş» gaz ýatagy ýurdumyzdaky iň iri, şol sanda dünýädäki iň iri gaz känleriniň biridir.

Golaýda gazçylar «Galkynyş» gaz känindäki 271-nji belgili ulanyş gaz guýusynda 4 müň 665 metr çuňlukda buraw işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şunlukda 4 müň 518 — 4 müň 333 metr aralyklardaky gatlaklarda geçirilen partladyş işleriniň netijesinde tebigy gazyň ýokary basyşly, senagat ähmiýetli akymy alyndy.

Bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde gaz käniniň geologik we tehnologik häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim (fontan) armaturalary, sütün başlary giňden peýdalanyldy.