logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Agriculture /Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy
  03.01.2026
453
Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan durmuşa geçirilýän LEAP ("Maldarçylygyň ekologiýa görkezijilerine baha bermek we gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk") maksatnamasynyň çäginde sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary geçirildi. Bu başlangyç maldarçylygyň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerini seljermäge hem-de milli aýratynlyklary nazara almak bilen ekologiýa taýdan durnukly çözgütleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Okuw maslahatlarynyň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň goldawy bilen diňleýjileriň halkara bilermenler bilen duşuşygy geçirildi. Maslahata Italiýa, Hytaý, Ukraina we Türkiýe döwletlerinden gelen hünärmenler gatnaşdylar.

 

Duşuşyga gatnaşyjylar LEAP başlangyjynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda işjeň ilerledilýändigini we durnukly tebigatdan peýdalanmagy hem-de "ekoulgam hyzmatlaryny" — maldarçylygyň daşky gurşaw üçin peýdaly täsirlerini ösdürmäge gönükdirilendigini bellediler. Olaryň hatarynda azyk önümçiligi, haýwanlaryň milli tohumlaryny gorap saklamak, adaty aryçylygy ösdürmek, şeýle hem topragyň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin organiki galyndylary kompost we biogumus hökmünde gaýtadan işlemek bar.

 

Weterinar howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi barlaghanasynda birnäçe keselleriň garşysyna sanjymlaryň öndürilýändigi, şeýle hem ýurduň sebitleri boýunça oba hojalyk haýwanlaryny sanjym etmegiň her ýyllyk meýilnamalarynyň durmuşa geçirilýändigi habar berildi.

 

Şeýle hem duşuşykda öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça ylmy barlaglar, şol sanda şorlaşan ýerlerde duza çydamly iýmlik ösümlikleri ekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekologiýa we ylmy edaralaryň wekilleri tebigy serişdeleri dolandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtadylar, munda maldarçylyk, ekerançylyk we daşky gurşawy goramak durnukly ösüşiň özara baglanyşykly görkezijileri hökmünde garalýar.

 

Arslan BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.