logo

Latest news:
✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanda lukmançylygyň ösüşi barada
  06.03.2020
1230
Türkmenistanda lukmançylygyň ösüşi barada

      Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş şertleri gowulanýar. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan saglyk maksatly desgalar ylymy taýdan esaslanyp gurulmagy lukmançylygyň ykdysady taýdan netijeli bolmagyna ýardam berýär. Ilatymyzyň bökdençsiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegi ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň we goşmaça gerek bolan öňüni alyş işleriň meýilnama laýyklykda üpjün edilmegi keselleriň ýygy-ýygydan azalmagyna ýardam berýär.

      Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň walaýatlarynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda gurulyp ulanylmaga berilen sagaldyş merkezleriniň, hassahanalaryň ýokary häzirki zaman tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylmagy ilata ýokary derejede lukmançylyk kömeginiň berilmegi hem bu zatlaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda lukmançylyk pudagynyň ösmegi ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga ýardam berdi.

      Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň nesil öndürmäge ukyply ýaşdaky aýallaryň 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda gan azlygyň agyr görnüşlerini ýok etmek, keselleriň orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerini ýok etmek, keselleriň orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerine duçar bolan syrkawlaryň sanyny azaltmak baradaky teklibini ilkinjileriň hatarynda goldady. Şeýle maksat bilen ýurdumyzda ýodlaşdyrylan duzuň, demir bilen rençlendirilen oňyn önümçiligi ýola goýuldy we halkara güwänama eýe boldy. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarylmagyna, lukmançylyk ulgamynda ýokary tehnologiýalary tilsimatlary ornaşdyrylmagyna, lukmanlary we lukmançylyk ýokary okuw mekdebine degişli hünärmenleri häzirki günüň talaplaryna laýyklykda iş bilen üňjün etmeklige aýratyn üns   berilip, bu ugurda öňde baryjy ýurtlaryň tejiribelerinden peýdalanylýar.