logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmenistanda FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezi gurlar!
  05.05.2023
919
Türkmenistanda FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezi gurlar!

Mälim bolşy ýaly, Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino we beýleki wekiliýet agzalary Türkmenistanda iş saparynda boldular.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly hem-de umumy maksatlary we wezipeleri nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de myhmanlar ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler.

Saparyň çäklerinde myhmanlar ady rowaýata öwrülen Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan seleňläp görünýän, «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherini synladylar. Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde bu merkezi gurmak barada çözgüdiň kabul edilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanda futboly wagyz etmäge, FIFA hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.