Ýurdumyzda elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Hususan-da, sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýokary hilli tehnologiýalara esaslanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär. Bu barada "Watan" gazetinde Resul NURGELDIÝEW gürrüň berýär.
Sanly ulgamyň ösdürilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunda okuw şertlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, okuwyň hilini dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady bilen, ençeme sanly çözgütler işlenip düzülýär. Şeýle sanly taslamalaryň biri-de «eMekdep» ulgamydyr.
Her bir ene-ata öz çagasynyň bilimini kämilleşdirmek we artdyrmak üçin elinden gelenini edýär. Çagasynyň bilimini hökman öz gözegçiligine alýar we oňa netijeli goldaw bermäge çalyşýar. Ene-atalar bu işleri etmek üçin bar bolan dürli usullary peýdalanýar. Olara bu babatda ýakyndan goldaw bermek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» ulgamy işlenip taýýarlanyldy we işe girizildi.
Häzirki wagtda «eMekdep» ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy we beýleki welaýatlarda hem ulgamyň ýola goýulmagy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Täze ulgamyň ähmiýeti we aýratynlygy barada Aşgabat şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Amanmyrat Saparow bize şeýle gürrüň berýär:
— Sanly ulgama geçmegiň döwrüň talaby bolup durýandygy göz öňünde tutulyp, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdeplerini degişli enjamlar, internet bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar üçin niýetlenen «eMekdep» platformasy okuw işini dolandyrmak, ýerine ýetirilen işiň hiline, netijeliligine gözegçilik etmek üçin täsirli hem elýeterli gural bolup hyzmat edýär.
«eMekdep» ulgamynyň esasy aýratynlygy bolsa okuwçynyň bilim analitikasydyr, ýagny her bir ene-ata çagalarynyň haýsy derslere has köp höwesiniň bardygyny bilim analitikasynyň üsti bilen öwrenip biler. Bilim analitikasy sapaklarda alnan bahalaryň esasynda ýörite programmalaryň, enjamlaryň we algoritmleriň seljermesi arkaly okuwçynyň maglumatlaryny taýýarlap berýär. Mysal üçin, okuwçynyň derslerdäki alýan bahalarynyň görkezijileri, okuwçynyň dersler boýunça ýetişigi, şeýle hem hepdelik okuw häsiýetnamasy — bu maglumatlary onlaýn usulda öwrenmek we seljermek arkaly ene-atalar çagalarynyň bilimine has netijeli goldaw berip biler.
«eMekdep» ulgamynda döredilen ýene-de bir amatlylyk bu siziň çagalaryňyzy okadýan mugallymlaryň sanawy bilen tanyşmak we olar bilen sanly usulda aragatnaşyk gurnamakdyr. Mundan başga-da, «eMekdep» ulgamynyň okuwçylar üçin hem diýseň peýdaly taraplary bar.
Birinjisi, sapaklaryň rejesi — islendik günüň sapaklarynyň tertibini öwrenmek.
Ikinjisi, çärýek bahalar — ýetip gelýän çärýek jemlenenilende, bahalaryň näçe çykar? Şu sowallaryň jogabyny «eMekdep» ulgamyna girip öwrenmek.
Üçünjisi, geçilen tema we öý işi — haýsy tema geçildi, näme öý iş berildi? Bular bilen onlaýn arkaly tanyşmak.
Dördünjisi bolsa, bilim analitikasy — synpda haýsy sapakdan has ökdedigiňiz, haýsy ugurlar boýunça tapawutlanýandygyňyz bilen bilim analitikasy usulynda içgin tanyşmak mükinçiligi.
«eMekdep» ulgamynda ene-atalar çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly zerur maglumatlar bilen islendik wagt onlaýn usulda SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «eMekdep» mobil goşundysynda habarly bolup bilerler.
Ýeri gelende bellesek, «eMekdep» ulgamy dünýäde bilim ulgamynyň ösen ähli ýurtlarynda ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilim edaralarynda okuwlaryň iň häzirki zaman usuly arkaly ýola goýulmagyna, bilim edarasy bilen okuwçynyň arasyndaky baglanyşygyň sanly usul arkaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde «eMekdep» ulgamynyň daşary ýurtlardaky ugurdaş platformalardan tapawutlylykda, okuwçynyň şahsy bilim ýolunyň seljerme modulyny hödürleýändigi aýratyn bellärliklidir.
Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.
Bu makala "Türkmen Metbugat" maglumatyna esaslanýar.
Magtymguly AKGYLYJOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby