logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmenistanda ekilýän kişmiş sortlary
  13.02.2023
1495
Türkmenistanda ekilýän kişmiş sortlary

Dünýäniň ähli ýurtlarynda üzüm miwesiniň ulanylyşy birmeňzeş däldir. Ýakyn we Orta gündogar ýurtlarynda ýygnalýan üzüm miwesiniň esasy bölegi terligine iýilýär we kişmiş taýýarlamak üçin sarp edilýär. Orta Aziýa ýurtlarynda (Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda) tomus paslynyň ygalsyz uzak we çogly günleriniň köp bolmagy, üzümiň dänesiz sortlaryndan günüň çoguna guradyp ýokary hilli kişmiş taýýarlamaklyga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem bu ýurtlarda üzümiň kişmişlik üçin niýetlenen sortlarynyň meýdany belli bir derejede köpdür. Guradylan üzüm miwesi uzak aralyga äkitmeklik we uzak möhletlerde saklamak üçin has ýaramly. Ol ýokary kaloriýaly (3250 kkal) we ýokumly azyklyk önümi bolmak bilen, süýji-köke önümçiliginde, dürli süýjülikli tagamlary taýýarlamakda we gurulygyna iýmekde giňden ulanylýar. 

Terbaş (ýyrtyk ýaprak). Köp ýaýran ýerli sortdur. Awgust aýynyň 2-nji ongünlüginde bişýär. Pyntyklap başlan döwründen miweleriniň bişmegine çenli 130-150 gün talap edýär. Ýapragynyň kertikligi uly, bäş penjeli, tüýjagazlary ýok we güli iki jynsly. 

Aşgabat gara üzümi - ýurdumyzda giň ýaýran sortdur. Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde bişýär. Pyntyklandan hasyly bişýänçä 150-170 gün gerek bolýar. Salkymlarynyň miwe getirýän bir şaha ýetýän ortaça sany 1,5. Her bir düýpden 6-8 kg ýa-da gektardan 16-18 tonna hasyl almak mümkin. 

Ak Hüseýni, Ak süýri (Itaptuk, Bokalnyý, Şah üzümi, Çilgi, Husaýne, Uzhrabi, Damskiý palçik), miwesi silindr şekilli. Awgust aýynyň ahyrynda bişýär. Gülleri iki jynsly. Salkymlary orta hilli, uly salkymynyň uzynlygy 40 sm-e ýetýär, konus şekillidir, tilisgeleri köp, dykyzlygy pes. Miwesi orta ölçegde bolup, ter görnüşinde peýdalanylýar we kişmiş taýýarlanylýar. 

Türkmen gyzyl kişmişi. Iýul aýynyň aýaklarynda ýa-da awgust aýynyň başlarynda bişýän dänesiz sort. Pyntyklandan miweleriniň bişmegine çenli 110-120 gün geçýär. Ýapragynyň kertikleri uly, reňki gök, tüýjagazlary ýok. Gülleri iki jynsly. Salkymy ortaça ululykda bolup, uzynlygy 18-20 sm-e çenli, ýokarsy gaba, konus şekilli, dykyz we ortaça agramy 200-250 gram. 

 

Näzikjemal HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.