logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Türkmenistan zenan mertebesiniň belentde tutulýan ýurdy
  11.03.2021
873
Türkmenistan zenan mertebesiniň belentde tutulýan ýurdy

     Ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyplyklara beslenip gelýär. Ýurdymyzyň bagtly günlerinden, sapaly günlerinden eşret tapan türkmen halky elmydama Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etmek bilen ýaşaýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagy barada edýän ähli aladalarynyň aňyrsynda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durandygyna biz aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Zenan sarpasynyň belentde tutulýan ýurdy bolan Türkmenistan diýarymyzda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy ýokary derejede bellenilip geçilýär. Biziň ýurdymyzda zenana sarpa bar, enä hormat bar. Her ýylyň 8-nji mart baýramçylygynyň bellenilýän günleriniň öňisyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda 8 we ondan köp çagany dünýä inderen enelerimize ,,Ene mähri’’ diýen hormatly adyň, şeýle-de şa serpaýlarynyň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ynha ýurdymyzda zenanlar baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Garaşsyzlyk ýaşaýyş jaý toplumynda Ak bugdaý etrabynyň Parahat obasynyň ýaşaýjysy, 8 çaganyň ejesi Aýgül Haýydowa Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy sowgat edildi. Bu berilen şa serpaýyna biziň kalby buýsançdan doly bagtyýar enelerimiz baýramçylyk sowgady diýip kabul etdiler. Zenan mertebesiniň belentde tutulýan ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde bagtyýar zenanlar özleri baradaky edilýän aladalry duýup ýaşaýarlar we özleriniň päk zähmetleri bilen jogap berýärler.