logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Economics /Türkmenistan Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
  15.03.2024
633
Türkmenistan Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Dürli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendir. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman Türkmenistanda iş saparynyň çäginde Hormatly Prezidentimiz bilen duşuşyp Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.


Türkmenistan bilen Ýewropanyň iri bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar alynyp baryldy. Aýratyn hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti ulydyr. Tebigy baýlyklara baý bolan Türkmenistan energiýa pudagynda daşky gurşawa zyýansyz "ýaşyl" energiýa pudagyny ösdürmäge has hem üns berýär.


Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman ýurdumyzyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere hem gyzyklanma bildirilip bu ugurda hyzmatdaşlygy artdyrmaklyga we üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.


Humaý MUHYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby