Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /TÜRKMENISTAN WE GINNESIŇ REKORDLAR KITABY
  17.02.2023
1324
TÜRKMENISTAN WE GINNESIŇ REKORDLAR KITABY

1) Aşgabat şäheriniň eteginde 133 metr beýiklikde parlaýan, agramy 420 kg bolan Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy 2008-nji ýylyň iýun aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna iň uly baýdak hökmünde  girizildi. Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy biziň buýsanjymyzdyr. 

2) 2008-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherindäki Oguzhan adyndaky suw çüwdürimler toplumy hem dünýäde iň uly çüwdürimler hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Toplumyň umumy meýdany 15 gektar bolup, bürünçden ýasalan heýkelleriniň agramy 30 tonna barabardyr. Bu toplumda 27 sany suw çüwdürimleri ýerleşip, adamlar ol ýere gezelenç etmäge barýarlar. 

3) Aşgabat şäheriniň islendik künjünden görünýän, Köpetdagy etekläp oturan Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkeziniň täsin diňi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu täsin diňiň esasy aýratynlygy bolan Oguz hanyň 8 burçluk ýyldyzy dünýäde iň uly şekil bolup, ol 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

4) 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen Älem medeni dynç alyş merkeziniň binasy dünýäde iň uly açyk howada aýlanýan çarh hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu çarh 95 metr beýiklikde ýerleşýär. 

5) Dünýä geň-taňlyklardan doly. Has owadan şäherleriň sanawy, has uly şäherleriň sanawy, has gadymy şäherleriň sanawy geçirilýänligini bilýäris. Emma biziň ata watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherimiz 2013-nji ýylyň maý aýynda dünýäde ak mermerli binalaryň sany boýunça iň öňdäki orny eýeläp  Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. 

6) 2016-njy ýylda paýtagtymyzyň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlan Aşgabat halkara howa menzilinde dünýädäki  iň uly haly gölüniň bolmagy sebäpli  Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň tutýan meýdany 705 inedördül metr kwadrata barabardyr. 

7) 2017-nji 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabat şäherinde başlandy. V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi üçin paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesi döredildi. Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän iň uly binagärlik nyşany bolan bedew 2017-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Mundan soňra hem Ata Watanymyzyň birnäçe ägirtleri, aýratynlyklary Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başardy.

 

Zarafşan ÖKDEMJANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.