Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 13-nji noýabrda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal öz işine başlady. Açylyş dabarasyna dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar.
Däp boýunça myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodadan geçip, dabarany baýramçylyk lybasynda garşy aldylar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikasy, Moldowa, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistanyň wekiliýet agzalary dabaranyň aýratyn myhmanlary boldy. Mukamlar köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyna bagyşlanan sergi gurnalyp, halk aýdym-sazlary dabaranyň milli öwüşginini artdyrdy.
Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew dabarada söz sözläp, festiwalyň türki dünýäniň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady hem-de ýokary derejede guralan bu çäre üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Açylyş dabarasy Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi. Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini dabaranyň merkezine getirdi we myhmanlar emin agzalary bilen tanyşdyryldy. Bu medeni çäreleriň maksady türki halklaryň baý taryhy-medeni mirasyny, sungatda, kinematografiýada gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmaga, medeni dialogy ösdürmäge gönükdirilendir.
Kinofestiwalyň birinji güni ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy. Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde türkmen we daşary ýurt kino ussatlarynyň döreden filmleri görkeziler. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli bu festival aýratyn ähmiýete eýe boldy. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek hukugyny alamatlandyrýan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.
Jahan Mirabowa,
Türkmen oba hojalyk institutyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby