logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Sports /Türkmenistan – sport ýurdy, ýeňişleriň mekanydyr!
  29.03.2023
1003
Türkmenistan – sport ýurdy, ýeňişleriň mekanydyr!

Täze Galkynyşyň ýalkymy bilen rowaçlanýan eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz spor­tuň dür­li gör­nüş­leri bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini gyşarnyksyz berjaý etmek babatda ýaş­la­ra nus­galyk göreldedir. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ada­my di­ňe be­den taý­dan tap­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol güýç­li erk­li­li­gi, zäh­me­te söý­gi­ni we mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýär. Çünki saglyk tutuş jemgyýet üçin tapylgysyz baýlyk, uly gymmatlykdyr, ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda sport tutuş dünýä ýüzünde äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy, halkla­ryň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly hökmünde çy­kyş ed­ýär. Arkadagly Serdary­my­zyň bu ul­gam­da dur­mu­şa ge­çir­ýän döwlet sy­ýa­sa­ty öz mi­we­le­ri­ni ber­mek bilen, türkmen spor­ty bu gün hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar, eziz Di­ýa­ry­myz iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­lar­yň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýäni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek­de alyp barýan beýik işleri ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ata Wa­ta­ny­my­zyň okgunly ösüşlerine şert döred­ýän kuw­wat­ly güý­je öw­rül­di. Bu ul­gam­da öňe sür­ülýän oňyn baş­lan­gyç­la­r ýaş nesilleriň arasynda aýratyn gol­daw tap­ýar. Ýaşlaryň arasynda sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek, şeý­le­lik­de, sag­ly­gy we ru­hu­be­lent­li­gi ber­kit­mek möhüm we­zi­pe­sdir. Çünki şeýle netijeli çözgütler eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm ma­ýa go­ýu­my­ bolup, ýurdumyz­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­dyr. Bi­lim we ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da hem kämil de­re­je­de en­jam­laş­dy­ry­lan sport binala­ry hereket edýär. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, umumybilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşyk işleri alnyp barlanda zerur bolan sport düzüminiň bolmagy hökmany talapdyr. Şunuň bilen baglylykda, sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin zerur bolan müm­kin­çi­lik­ler ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ryn­yň ýa­na­şyk çäk­ler­inde hem bina edilýär. Bu­la­ryň ählisi bolsa, ýurdumyzyň sport ul­ga­myn­yň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň, bagtdan paýly bagtyýar nesillerimiziň sagdyn durmuş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň subutnamasy bolup, kalplara egsilmez buýsanç paýlaýar! 

 

Guwanç HAMRAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.