logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Sports /Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy
  12.06.2026
373
Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde ykrar edilen sport döwletine öwrüldi. Ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwrebap sport infrastrukturasy Watanymyzyň  islendik künjeginde raýatlaryň, aýratyn-da ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. 

Olimpiýa şäherjigi, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly toplum dünýä standartlaryna doly laýyk gelýär. Köpugurly stadionlar, döwrebap sport toplumlary we ýöriteleşdirilen sport mekdepleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup ulanmaga berildi. Awaza sport toplumlary, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän suw sporty toplumlary dünýä derejesindäki türgenlşikleri geçirmäge şert döredýär. Köpçülikleýin sport çäreleri “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda her ýyl okuwçylaryň, talyplaryň we dürli pudak işgärleriniň arasynda köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirilýär. 
Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek boýunça Kararnamasynyň  özeninde ýurdumyzyň başlangyjynyň durandygy diýseň guwandyrýar. Has anygy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped güni döredildi. Munuň özi milli sport diplomatiýasynyň halkara derejesindäki esasy üstünlikleriniň biridir.   

      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň rowaç alýan çagynda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününiň uly dabaralara beslenjekdigi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyzy goşalandyrýarys. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanmyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs  ýürekden hoşallyk bildirýäris, berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

 

Türkmenistanyň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni:   Leýli Aşyrowa