Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmenistan - sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy
  03.05.2024
190
Türkmenistan - sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek asylly ýörelgelere öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, milli türgenleriň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerurlygy barada aýdan bu çuňňur manyly sözleri sport işine dahylly bolan her bir adam üçin ugrukdyryjy we ruhlandyryjy ýörelgedir.

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sport diplomatiýasyny ösdürmekde alyp barýan parasatly syýasaty dünýä giňişliginde uly goldaw tapýar. Türkmen türgenleri ählumumy sport hereketlerine işjeň gatnaşýarlar we bu ugurda möhüm goşantlaryny goşýarlar. Türkmen sportunyň şöhraty türgenleriň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlary bilen şertlendirilendir.

 

Ýurdumyz bu günki gün halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ata Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakalardyr.

 

Bedenterbiýe we sport ulgamynda badalga berlen başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi giň gerime eýe bolup, milli sportumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Gazanylýan üstünlikler bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän her bir işde aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Şeýle belent mertebä eýe bolmagy berkarar Watanymyzyň bütindünýä sport älemindäki abraýyny ýene bir gez belende göterdi. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz bu komitetiň düzümine 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem saýlanypdy.

 

Türkmenistanyň halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülmegi sport diplomatiýasyndaky guwandyryjy üstünliklerimiziň nyşanydyr. Bu ugurda netijeli işleri alyp barmaga ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Iň esasy-da, sportuň mümkinçilikleri parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirilýär. Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr. Şonuň üçinem ýurdumyzda ýaşlaryň fiziki işjeňligini ösdürmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek meselelerine ulgamlaýyn çemeleşilýär. Bu bolsa bedenterbiýe we sport ulgamyndaky täze ösüşleriň kepilidir.

 

Ýulduz BABAMYRADOWA,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaş
yklary institutynyň talyby.