2021-nji ýylyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip atlandyrylmagy harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerinde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri hem günsaýyn ösýär we özgerýär. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen häzirki wagtda ähli harby bölümlerde sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar we bu mümkinçiliklerden harby gullukçylar maksada laýyk peýdalanýarlar.Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işleri hakynda düzgünnamalaryň talaplaryna laýyklykda Ýaragly Güýçlerimiziň bölünmelerinde söweşjeň dostlugy we jebisligi pugtalandyrmak harby düzgünnyzamy berkitmek hem-de söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň netijeligini ýokarlandyrmak maksady bilen çagyryş boýunça harby gullukçylaryň hataryndan düzüminden daşary işjeň agzalar saýlanylýar we bellenilýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanmyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylym-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we ösüşiniň täze basgançaklaryna ýetmek ugrundaky amal edilýän giň möçberli işler, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynançmagyň Watany” ýylynda jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüň esasy özeni hasaplanylýar.
Mundan başga-da 2021-nji ýyl “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, halkymyzyň aňynda , ruhynda parahatçylyga, yanyşmaga bolan söýgi aýratyn orun eýeleýär.Ýylyň adynda ulanylýan iki düşünjäniň birleşdirilip, bir bitewi gymmatlyga getirilmegi-de diýsen täsirlidir.
Aslynda parahatçylyk we yannyşmak biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr.Ynanyşmagyň bolan ýerinde parahatçylyk bolýar.Hut şonuň üçin hem halkymyzda birek-birege yanyşmak ýörelgesi ýöredilýär.Asmanda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine , reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende , erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini ajaýyp aýdymyň owazyny eşdeniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar parahatçylygyň we ynanyşmagyň keşbidir.
2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Paýtagtymyzdaky erkin döredijilik mekanynda 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministerler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Ruhyýet köşgünde geçirilen bilelikdäki mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzdan, döwlet edaralaryndan iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalaryndan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara tutulyp, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny hem-de onuň nyşanynyň taslamasyny makullady.
Şeýle hem bu şygar Türkmenistanyň ähli umumy başlangyçlary, amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar bilen kybap gelýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Onuň manysy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen “2021-nji ýyl- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kararnama gabat gelýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlylygydyr we baýlygydyr.