Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan Päkistanyň Gwadar portuna çykmagy meýilleşdirýär
  20.09.2024
166
Türkmenistan Päkistanyň Gwadar portuna çykmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan we Pakistan Gwadar portuna çykalga mümkinçiligini açyp berýän möhüm ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk görýär. Bu ylalaşyk Türkmenistana Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesiniň çäklerinde ilkinji gezek Gwadar pakistan portuna çykmak mümkinçiligini berýär.

 

Bu taryhy ylalaşygy baglaşmak üçin Pakistanyň hökümeti Gwadar we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ylalaşyk taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite komiteti döretdi.
 

Bu hyzmatdaşlyk energiýa howpsuzlygyny we sebit baglanyşygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi hem-de Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirjek demir ýol infrastrukturasy we optik süýümli ulgamlary ýaly esasy başlangyçlary öz içine alýar.

 

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Pakistanyň hökümeti Gwadar portunyň üsti bilen döwlet böleginiň importunyň 50% bölmek mümkinçiligine baha bermek üçin komiteti döretmek bilen ýene bir möhüm ädim ätdi. Bu çözgüt hökümetiň Gwadar portuny söwdanyň we ykdysady işiniň esasy bölegi hökmünde ulanmaga bolan isleglerini açyp görkezýär.

 

Deňiz işleriniň ministrligi ýükleriň we konteýnerleriň üstaşyr geçelgesi üçin iki portuň mümkinçiliklerini ulanmakda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň Ylalaşygyň maksady bolup durýandygy barada Pakistanyň Ministrler Kabinetine habar berdi.

 

Gwadar portuna çykmak mümkinçiligi Türkmenistana birnäçe artykmaçlyklary berip biler. Hususan-da,Türkmenistan öz harytlaryny, şol sanda tebigy gazyny we oba hojalyk önümlerini Gwadaryň üsti bilen halkara bazarlaryna has netijeli eksport edip biler;

 

Ylalaşyk Merkezi Aziýa we dünýä bazarlarynyň arasynda ulag aragatnaşyklarynyň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berip, bar bolan netijeliligi pes ugurlaryndan baglylygy azaldar.deňiz söwda ýollaryna çykalga mümkinçiliginiň gowulanmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýardam edip we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine mümkinçilik berer.

Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.