logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmenistan Özbegistana 809,6 million amerikan dollarlyk haryt eksport etdi
  26.12.2023
633
Türkmenistan Özbegistana 809,6 million amerikan dollarlyk haryt eksport etdi

Hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryň dowamyndaky Türkmenistan bilen Özbegistanyň transport arkaly söwda gatnaşygy 1 milliard amerikan dollaryna golaýlady. Geçen 11 aýyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 92,4 million amerikan dollar köpledi, degişli döwürde 2022-nji ýylda bolsa 877,5 million amerikan  dollara barabar bolupdy.

 

 

Bu maglumatlar Türkmen-Özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ilerleýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Has takygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende söwda ulgamynda ýokary netije gazanylandygyny görmek bolar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşygy hem barha ýokarlanýar.

 

 

Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orunda, eksportynda bolsa 12-nji orunda ýer eýeledi. Degişli döwürde Türkmenistan jemi 809,6 million amerikan dollarlyk harydy goňşy ýurduň bazaryna eksport etdi hem-de umumy möçberi 160,5 million amerikan dollaryna barabar hyzmatlary we harytlary Özbegistandan import etdi.

 

Selbinýaz Geldiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
5-nji ýyl talyby.