logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan “Otdyh-2024” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar
  14.04.2024
707
Türkmenistan “Otdyh-2024” halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 18-20-nji apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçiriljek “Otdyh-2024” syýahatçylyk hyzmatlarynyň 26-njy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar.


 

Türkmenistanyň wekilleriniň syýahatçylyk hyzmatlarynyň bu halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy ýurduň syýahatçylyk önümleri bilen tanyşdyrmaga, täze syýahat ugurlary mahabatlandyrmaga hem-de täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik açar.


 

“Otdyh-2024” syýahatçylyk hyzmatlarynyň 26-njy halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara dürli görnüşli dynç alyş mümkinçilikleri barada iň täze maglumatlary hödürlär.


 

Serginiň dowanynda Belarus Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Türkiýäniň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri täze syýahatçylyk maksatnamalary, syýahatçylygyň dürli görnüşleri, şypahanalar, lukmançylyk we saglygy dikeldiş merkezleri, şeýle hem syýahatçylyk önümleri bilen tanyşdyrarlar.


 

Mundan başga-da, Türkmenistan şu ýylyň 16-19-njy maýy aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçiriljek TIBCO-2024 halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar.

 

Myrat WAISOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.