logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna 8.07 milliard dollar möçberinde gaz eksport etdi
  23.11.2023
660
Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna 8.07 milliard dollar möçberinde gaz eksport etdi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysady pudagyň has hem kämilleşmegine, ösmegine örän uly üns berilýär. Türkmenistan turbageçirijiler arkaly gaz eksport etmekde öňdäki oruny eýeleýär. Şu ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna gaz ibermekde ilkinji orny eýeledi. Hasaplamalara görä Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna 8.07 milliard ABŞ dollar möçberinde gaz eksport etdi.

 

 

Bu görkeziji boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende 73% göterim ösüş gazanyldy.  Hytaý  Baş gümrük gullugy habar bermegine görä ikinji oruny Russiýa  (5.36 milliard dollara) Mýanma döwleti geçen 10 aýyň dowamynda Hytaý halk Respublikasyna (1,23 milliard), Gazagystan Respublikasy (1.08 milliard), Özbegistan Respublikasy (454 million ABŞ dollar) möçberinde gaz eksport etdi.

 

 

Häzirki wagtda Ata Watanymyz Türkmenistan ýangyç energetika pudagynda eksport boýunça öňdäki oruny eýeleýär, bu bolsa ýurdumyzyň tebigy gazynyň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar, dünýä döwletleriň islegini artdyrýar. Eksport we import pudagynyň ösmegi, daşary ýurtlar bilen söwda ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşmegi ykdysadyýetimiziň ösmegine we eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine getirýär.

 

Gülnabat Kasymowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylyk fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.