logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmenistan "EXPO - 2023" taýýarlyk ýygnagyna gatnaşdy
  13.09.2023
1088
Türkmenistan "EXPO - 2023" taýýarlyk ýygnagyna gatnaşdy

Türkmen wekilýetleri Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylyň 10 -11-nji sentýabr aralagynda Halkara "EXPO - 2023 sergisine" taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kataryň Doha şäherinde geçirilen Halkara ýygnagyna gatnaşdylar. 

 

 

Bu geçirilen Halkara ýygnak Katar döwletinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli dowam eder, bu ýygnak "Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat" atly şygary bilen geçiriler. 

 

 

"EXPO - 2023" taýýarlyk ýygnagynda saglyk, sport, bilim, howpsuzlyk meseleleri, söwda ulgamyny ösdürmek, söwda bazarlaryny döretmek we köpeltmek, ulag logistik ulgamy we beýleki köp ugurlar boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň başynda serginiň baş komissary Bader Al Dafa, Halkara sergi býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkenzes we Halkara bagbançylyk birleşiginiň baş sekretary gatnaşdylar. 

 

 

Duşuşygyň ahyrynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri şertnamalaýyn borçnamalaýyn kagyz ýüzüne geçirilip, resminamalara gol çekildi, bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň batly depginde ösýänligiň aýdyň subutnamasydyr.

Aýşat BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
V ýyl talyby.