Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦ ✦ Taryhymyz — gymmatly mirasymyz ✦ ✦ Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Emeli aň we ykdysadyýet ✦ ✦ Ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetiňi ýokarlandyrýar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistan – ekologik meselelerde işjeň  gatnaşyjy ägirt
  20.09.2024
145
Türkmenistan – ekologik meselelerde işjeň  gatnaşyjy ägirt

Tebigat bilen ynsanyň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bar. Çünki, tebigat adamsyz dowam edip biler,  emma adam tebigatsyz ýekeje minudyny-da göz öňüne getirip bilmez. Tebigat–bu adamyň ömri. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy berkitmek ekologiýanyň maksatnamasynyň baş wezipesidir. Adamlaryň aňynyň ösdügi saýyn ony birnäçe faktorlar gurşap alýar. Şol zerurlyklar arasynda hem adam aňy ösýär. Maddy zerurlyklar bolsa elbetde, tebigatdan alynýar. Ol ýa-da beýleki adam kanagatlanýança ondan gerekli bölegini peýdalanýar. Bu  peýdalanmalar bolsa wagtyň geçmegi bilen  kem-kemden artýar. Hut şu maksat bilen adamlaryň tebigaty goramak meselesi hem mese mälim bolup görünýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň, durmuşa geçirýän uly maksatnamalary jemgyýetiň ösüşi we  tebigy gurşawyň sazlaşygyny utgaşykly alyp barmaga gönükdirilendir. Hut şu maksat bilen hem häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, oba hojalygyn ösdürmek, suw gorlaryny rejeli peýdalanmak,  howanyň hapalanmagyna garşy  göreşmek we  ýerleriň şorlaşmagyna öňüni almak ýaly işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda suw serişdelerini rejeli ulanmak we olary aýawly saklamak bilen baglanyşykly meselelere uly üns berilýär. Bu meseleler barada  halkara derejesindäki guramalar bilen hem  ysnyşykly iş alynyp barylýar. Ýagny, olar sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän BMG-niň  Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy ösüş gaznasy, Bütindünýä tebigaty goramak guramasy we BMG-niň ösüş maksatnamasy ýaly birnäçe iri guramalar bilen bilelikde, düzümler tarapyndan bellenen taslamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda önjeýli işleri durmuşa geçirýärler. Bu işleriň jemgyýete ýetirýän täsiri örän uludur. Bu maksatnamalar ynsanyň durmuşy we geljekki nesilleriň  tebigatdan rejeli peýdalanmagyny  aňyna ýetirmek maksady bilen, olaryň durmuşynyň gülläp ösmegini kepillendirýär.

 

Jemgyýetiň durnukly ösüşi göniden-göni tebigat bilen aýrylmaz bitewilikdir diýip  bolar. Bütin dünýäde şeýle  ähmiýetli hem-de netijeli çäreleri durmuşa geçirmekde Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda durýar.  Muňa mysal edip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprel aýynyň 12-sinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG – nyň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly iki sany Rezolýusiýa kabul edildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde BMG-niň Araly halas etmegiň möhüm durmuş-ekologik we ykdysady meseleleriniň çözgüdi boýunça köptaraplaýyn özara hereketler, işjeň hyzmatdaşlyk üçin esas döredilendigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň dürli ýokary forumlarda eden çykyşlarynda daşky gurşawa antropogen faktorlarynyň çäklendirmelere seredilmelidigini nygtaýar. Şol meseleleriň bolsa halkara derejesinde amala aşyrylmagyna görelde hökmünde önjeýli goşant goşýar. Muňa mysal edip, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky geçirilen forumyň ekologik meseleleri hem muňa anyk delilatdyr. Has dogrusy Türkmenistan, Hazarýaka ugry boýunça ekologiýa we diplomatiýa meselesinde  “ýaşyl” milli ykdysadyýetiň döremeginiň nobatdaky “ýaşyl yşygyny” ýakdy.

 

Adamyň tebigat bilen ylmy taýdan köptaraplaýyn subut edilmegi, onuň diňe bir keselleriň ýok bolmagyna däl,  eýsem onuň ruhbelent we işjeň bolmagyny hem göz ýetirdi. Saglyk adam üçin berilýän iň uly baýlykdyr. Bu baýlygy ol, doglan wagtyndaky ýaly sagdyn saklamaklyk onuň ýaşaýan şerti bilen-de  baglanyşyklydyr.

     

Türkmenistanyň Prezidentiniň  2017-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky Karary bilen “Bitarap Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” ekologiýa abadançylygyny üpjin etmek meselesine aýratyn orun berildi. Bu möhüm maksatnamanyň esasy wezipesi  daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda suwlaryň çekilmegi, çölleşmä garşy çäreleriň depginini çaltlandyrmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak, ekin meýdanlarynyň şorlaşmagy bilen baglanyşykly wajyp meseleler düzýär.  Bitarap Türkmenistan  sebitde we dünýäde önjeýli goşant goşmak  bilen  BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamalaryny we dünýä ýüzüniň öňde baryjylarynyň tejribelerini gural edip ulanýar. Ýekeje mysal. 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy mazmuny howanyň üýtgemegine uýgunlaşma, durmuş-ykdysady ösüşe täsirini gowşatmaga çözgütleri, çemeleşmeleri  we teklipleri we bu babatda öňe sürýän pikirlerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Ýaşlaryň öňe süren tekliplerini BMG-niň Howanyň üýtmegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň COP29-yň çäklerindekabul ediljek ählumumy resminama goşular. Bu bolsa Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljek ýaşlaryň COY19 maslahatynda türkmenistanly ýaşlaryň pikirleriniň goldanylmagy üçin amatly pursatlaryň biridir.

         

Milli liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan  daşary syýasatymyzyň  parahatçylyk, hoşniýetli goňşyçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyklary, bu günki günde uly ösüşlere aparýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň oňyn netijeli, aýdyň maksatly we çuň oýlanyşykly pikirleri türkmen halkyny ýene bir gez beýgeltdi. Mähriban halkynyň sagdyn we bagtyýar durmuşda  ýaşamaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin.

 

Altyn Mämmetberdiýewa,
Türkmen döwlet oba hojalyk institutynyň
Agranomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.