Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Medeniýetiň sarpalanýan diýary ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy ✦ ✦ «Magtymguly» diýip adym tutsalar... ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy ✦ ✦ Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär ✦ ✦ Ýaş alymyň üstünlikleri ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — dünýä medeniýetiniň taryhynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy
  11.06.2024
83
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasy hökmünde Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň 7-nji iýunda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi.

 

Hormatly Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylandygyny belledi. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna 58-nji, 62-nji,64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji sessiýalaryna saýlandy. Bu diýmek, Türkmenistan abraýly halkara guramanyň ýolbaşçylygyyna 8-nji gezek saýlandy. Munuň özi Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, hemmeleri bu hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. 

 

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk gün-günden barha artýar we biziň ýurdumyz halkara gurama we onuň düzüm bölekleri tarapyndan geçirilýän ähli çäreleriň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edýär. Ýurdumyz BMG-niň syýasy we diplomatik gurallaryny ulanmak arkaly bütindünýä parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegi öňe sürýän ýörelgelerini goldaýar we BMG-niň çäklerinde dünýäde hemmetaraplaýyn ösüşi, durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny işjeň durmuşa geçirýär. Mälim bolşy, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanyp, kabul edilen “2025-nji ýyl – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň BMG-niň Düzgünnamasyny doly we dogry berjaý edýändigini görkezýär.

 

Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.