Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — üstünliklerimiziň özeni ✦ ✦ Ýaşlara berilýän terbiýäniň şu ýylky özeni Änew medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boldy ✦ ✦ Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy ✦ ✦ Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçisiniň 12-nji taekwondo kubogy geçirildi ✦ ✦ Tejen şäherinde oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli bilim ulgamynda çagalaryň irki ösüşine uly üns berilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi ✦ ✦ “Milli mirasymyz  genji hazynamyz” ady bilen wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi ✦ ✦ Awazada Hazar deňzi güni durnukly ösüşe bagyşlanyp bellendi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesi
  08.07.2024
138
Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň ýokary derejesi

Birleşen Milletler Guramasy — parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2024-nji ýylyň 5-6-njy  iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu waka eziz Watanymyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi.

 

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Soňra resmi wekiliýetler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy.

 

Saparyň ikinji gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan bu duşuşyk paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi. Ikiçäk we wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Gepleşikler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragygynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu ýubileý medaly bilen belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge we özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglanyldy. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» atly kitaby sowgat berildi. «Magtymguly» atly kitap – beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy rus, türkmen we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edildi.

 

Saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de geçiriljek gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

 

Şirin MIRMEDOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.