logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan Belgiýada ulag diplomatiýasy boýunça brifing geçirdi
  09.04.2024
676
Türkmenistan Belgiýada ulag diplomatiýasy boýunça brifing geçirdi

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasy tarapyndan «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň strategiýalary bilen bagly brifing geçirdi.

 

 

Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

 

Bu maslahatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ugurlar boýunça ösüşler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de onuň çäginde sebitleýin integrasiýany we özara arabaglanyşygy ösdürmek babatyndaky başlangyçlar öňe sürlüp, gatnaşyjylaryň arasynda özara pikir alyşmalar geçirildi.

 

 

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow gepleşiklere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ulag pudagynda ýetilen sepgitleri belläp geçdi we sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän çykyşlar hem-de wideolar görkezildi. 


Ogulbibi Goşunowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.