logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Türkmeniň şöhraty  bedewler
  25.04.2024
726
Türkmeniň şöhraty  bedewler

At türkmen durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri öz taryhy köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-günümiziň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr” diýip, belleýşi ýaly, türkmen bedewleri gadymyýetden bäri halkymyzyň şöhratydyr. Türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhynyň jümmüşine aralaşanyňda, türkmen bedewiniň aýak sesiniň dükürdisiniň gelmeýän pursady ýok bolsa gerek. Halkymyzyň milli ýaşaýyş medeniýetinde uly orun eýeleýän bedewler gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň kyn gününde ýakyn syrdaşy hasaplanmak bilen, ýürekleriň buýsanjyna, köňülleriň senasyna öwrülip gelipdir.Dünýä bedewleriniň biri hasaplanýan ahalteke atlary halkymyzyň baýlygydyr, göz-guwanjydyr, köňül buýsanjydyr we halal milli mirasydyr. Türkmen ahalteke bedewleri özleriniň owadanlygy, diýseň saýhally gylyk-häsiýetleri we düşbüligi bilen äleme meşhurdyr.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen peder pendini dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýaýylýar. Bedewleriň arassa ganlylygyny, ugurlarynyň ösdürilmegini kämilleşdirmek, halkymyzyň terbiýeläp ýetişdiren sungatlyk derejesini gorap saklamak üçin atşynaslara ähli şertler döredildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumy bina edildi. Şeýle işleriň aňyrsynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary ýatyr.

 

Bägül Gurbanowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.