logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATYNA BAGYŞLANDY
  24.11.2019
999
TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATYNA BAGYŞLANDY

    Ýakynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Ahal welaýat zenanlar bölüminiň, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata welaýatymyzyň ýerinde işewür zenanlar, halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän aýal-gyzlar, mährem eneler, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

     Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, olaryň ählitaraplaýyn  ösen aň-düşünjeli, watansöýüji nesli terbiýelemegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada aýtmak bilen, ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk sungatyny dowam etmekde we ösdürmekde çeper elli zenanlaryň hyzmatynyň uludygy dogrusynda gürrüň etdiler. Çykyşlarda  bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  bäş müňýyllyk taryhly türkmeniň nepis sungaty bolan halyçylygyň täze öwüşginde baýlaşmagy we kämilleşmegi ugrunda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny täzeden dikeltmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler has-da guwançlydyr.

   Maslahata gatnaşyjylar türkmeniň milli amaly sungatynyň ösdürilmegine, çeper elli  halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik ylhamyny açmagyna ajaýyp şertleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

      Soňra maslahata gatnaşyjylar muzeý zallarynda ýörite gurlan sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Dürli ölçegdäki halylary we halyçalary özünde jemlän  sergi gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan dörän nepis halylaryň täsin nusgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ýaş gyzlaryň haly dokap oturan pursatlary hem dabara özboluşly röwüş çaýdy. Bu ýerde gelin-gyzlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli öwüşginli aýdym-sazlary hemmelerde göwün göteriji alamaty döretdi.