logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenbaşy şäherinde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar
  08.11.2023
682
Türkmenbaşy şäherinde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar

3-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem sanly ulgam arkaly Mary — Ahal asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylyş dabaralary boldy.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli taslamany durmuşa geçirmek «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy. Şeýle hem «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş edip, bu iri desgany we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmagyň özlerine bildirilen uly hormatdygyny nygtady. 

Bu dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, welaýatyň il sylagly ýaşululary, bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär.

 

 

Nurmämmet BORJAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Energo-tehnologiýa fakultetiniň talyby.