logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen-ýapon bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler
  20.07.2025
716
Türkmen-ýapon bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler

Ýaňy ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen MInistrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Ýapon kompaniýalary maýa goýum, senagat, nebitgaz, logistika, saglygy goraýyş, gurluşyk, bilim we hyzmatlar ýaly ugurlar boýunça bu foruma gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forumda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara ykdysady başlangyçlara yzygiderli gatnaşýandygyny nygtap, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän Bütindünýä “EXPO–2025” sergisindäki türkmen pawilýonynyň üstünlikli işini mysal hökmünde görkezdi. Şeýle hem türkmen-ýapon işewürlik forumynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bolsa döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Zibagözel HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.