Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilýän BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Durnukly energetika hepdeliginiň çärelerine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berdi.
Çäräniň «UNECE sebitinde adalatly geçiş üçin mümkinçilikleri kesgitlemek» atly bölümçesinde ýurtlaryň ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçiş prosesinde öňdebaryjy tejribe we bar bolan meseleler barada maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylda SPECA-da (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde ileri tutulýan wezipeleriň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda taslamalary öňe sürmek ýaly ileri tutulýan ugurlara ünsi çekdi.
Bägül TAGYÝEWA,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň talyby.