Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar forumyna gatnaşdy
  08.07.2024
226
Türkmen wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 25 — 30-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen «Bütindünýä ýaşlar festiwaly – 2024» atly festiwala türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Bu festiwal Taşkent şäheriniň 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýip yglan edilmegi bilen utgaşdyrylyp geçirildi. Oňa dünýäniň 100-den gowrak döwletlerinden wekiliýet gatnaşdy. Festiwal Özbegistan Respublikasynyň birnäçe şäherlerinde öz işini alyp bardy.

 

Festiwalyň çäklerinde 27-nji iýunda Samarkand şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde dünýäde gadymy dinleriň biri bolan yslam dininiň ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynda eýeleýän ýokary ähmiýetli orny hakynda gürrüň edildi. Forumyň dowamynda çykyş edenler ynsanperwer ugur boýunça halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň barha kämilleşýändigini aýratyn nygtap geçdiler. Bellenilişi ýaly, şeýle forumlaryň geçirilmegi dünýä döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda dostlugyň, doganlygyň has-da berkemegine ýakyndan ýardam edýär.

 

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.