Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen wekiliýeti halkara okuw maslahatyna gatnaşdy
  13.11.2024
84
Türkmen wekiliýeti halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti, "Resmi däl bilimi we özbaşdak öwrenilen hünär endiklerini ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmek" temasy boýunça geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu çärä Ýewropa Bilim Gaznasy (ÝBG) we Fransiýanyň AFPA agentligi tarapyndan Fransiýanyň Lion şäherinde 5-7-nji noýabr aralygynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahatyň esasy maksady, gatnaşyjy ýurtlary Fransiýanyň VAE (Validation des Acquis de l'Expérience) – «Tejribäniň ykrar edilmegi» ulgamynyň iş prinsipi bilen tanyşdyrmak we milli ulgamlarda bu ugurda täze özgertmeleri ornaşdyrmaga itergi bermekdi.

 

Okuw maslahatyna Ýewropa, Merkezi Aziýa, Balkanlar we Gündogar Ortaýer deňzi ýurtlaryndan wekiller gatnaşdy. Türkmenistandan hem Bilim ministrligi bilen Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri bu çärä gatnaşdylar. Maslahatda, fransuz hünärmenleriniň resmi däl bilim ykrar etmek boýunça tejribeleri we usulyýeti bilen tanyşdyryldy. Duşuşykda, gatnaşyjy ýurtlar öz bilim we tejribe alyşmalaryny geçirdiler.

 

Türkmenistanda, resmi däl bilimiň ykrar edilmegini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Hünär derejelerini bahalandyrmak we ykrar etmek üçin Milli hünär derejeler çarçuwasy we ýol kartasy işlenilip taýýarlanyldy. Şeýle hem, degişli kanunçylykda üýtgetmeleriň girizilmegi boýunça işler dowam etdirilýär. Bilim we Zähmet ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hem güýçlendirilmektedir.

 

Bu hili halkara okuw maslahatlaryna Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär, sebäbi daşary ýurtlardan alnan bilim we tejribeler, ýurdumyzyň täze çemeleşmelere geçmegini üpjün edýär. Türkmen wekiliýetiniň maslahata gatnaşmagy, resmi däl bilimiň ykrar edilmegi we hünär-tehniki okuwlary ykrar etmek ulgamyny kämilleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin möhüm ädim boldy.

 

Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylar Fransiýanyň milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar, bu bolsa maslahatyň medeni maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde guraldy.

 

Didar ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.