Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Ýylyň astronomiýa fotosuratçysy” bäselşiginiň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi ✦ ✦ Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy ✦ ✦ Buker baýragynyň dalaşgärleriň gysga sanawy düzüldi ✦ ✦ Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň täze 3 görnüşi döredildi ✦ ✦ Ýurdumyzda Daşary söwda dolanşygy baradaky Ähtnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar ✦ ✦ Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň mizemez sütüni ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy
  17.09.2024
30
Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti «Geljegi döretmek arkaly: C5+ONE Merkezi Aziýa – ABŞ» atly sebitleýin maslahata gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Şeýle hem bu maslahata Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hem wekiller gatnaşdy

 

Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň mugallymlary bildiriş mazmunly mejlisler görnüşinde innowasion pikirlerini duşuşyga gatnaşyjylara tanyşdyrdylar. ABŞ-nyň bilermenleriniň hem-de energetika we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ýöriteleşen uniwersitetleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw maslahatlar geçirildi. Bu maslahat alymlaryň, mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm orun eýeledi.

 

C5+ONE – munuň özi iňlis dilini bilmegi ösdürmäge gönükdirilen özboluşly sebitleýin başlangyçdyr. Bu başlangyç döwlet ulgamynyň, raýat jemgyýetiniň hem-de hususy kompaniýalaryň wekillerine iňlis diline erk etmek başarnyklaryny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär we maksatnama boýunça Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan eýýäm 1000-den gowrak hünärmenler taýýarlanyldy.

 

Türkmenistanyň C5+ONE maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşe we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň hünär taýdan ýokarlanmagyna maýa goýup, Türkmenistan ygtybarly geljegiň binýadyny kemala getirýär. Şonda milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky wezipeleri ygtyýarly, zerur bolan hemme hünär hem-de dil başarnyklaryna eýe bolan ýokary hünärli işgärler ussatlyk bilen hem-de ýokary hilli çözerler. 

 

Aýbölek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.