Ýaňy ýakynda ýurdumyzda hereket edýän Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi türkmen palawyny we türk usulynda bişirilen noýba datmaga, şeýle hem Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýän ajaýyp çäre guraldy.
Myhmanlar bu ýerde halk senetleri, milli lybaslar, kökleri asyrlaryň jümmüşine gidýän iki türki dilli halkyň medeni we taryhy mirasyny görkezýän sergi çadyrlaryny we diwarçalary uly höwes bilen synladylar.
Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi iki ýurduň mizemez doganlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Mekdepde iki dilde gürlenip, tans we halk döredijiligi hem öwrenilýär.
Çäre ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halk tansy bilen açyldy. Ondan soňra «Kaşik» («Çemçe») atly türk milli tansy ýerine ýetirildi. Onda tansçylar kiçijik agaç çemçeden peýdalanýarlar.
Çäräniň myhmanlarynyň käbiri serginiň çykyşlaryndan lezzet alan bolsa, beýlekileri türkmenleriň we türk milli aşhanalarynyň ajap tagamlaryny dadyp gördüler. Tagamlaryň arasynda türkmen pişmesi, türk kofesi, dolama, gyzgyn palaw we başga-da ençeme datly tagamlar orun aldy. Serginiň ahyrynda milli lybaslar görkezildi we ahalteke bedewleri bilen tanyşmak mümkinçiligi hem döredildi.
Didar ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.