logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen türgenleri Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazandy
  05.11.2022
953
Türkmen türgenleri Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazandy

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Berlen hasabata görä, degişli döwürde sportuň ösdürilmegine we türgenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Halkara sport ýaryşlarynda 341 medal gazanyldy, olarda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy.