Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen topragy – melhemler mekany
  27.08.2020
968
Türkmen topragy – melhemler mekany

      Toprak,  ýer  mukaddeslige  deňelýär.Bu  toprakda  bitýän,  öndürilýän  dürli  ir-iýmişler,  önümler,  ösümlikler  ynsan  ýaşaýşynyň  aýrylmaz  bölegini   emele  getirýär.Mukaddes  türkmen  topragynyň  asty,  üsti  baýlykdyr,  melhemdir.Türkmen  topragynda  bitýän  her  bir   ösümlik  özüniň  dermanlyk,  iýmitlik  aýratynlyklary  bilen  tapawutlanýar.

       Türkmenistanda  ösýän  3000-den  gowrak   ýokary  derejeli  ösümlik  görnüşiniň  600-den  gowragy  derman  ösümliklerdir.  Ysmanak,   narpyz,  selme,semzek,  atgulak  ýaly  birnäçe  otlar  gadymdan  bäri  türkmen  saçagyny  bezäp  gelipdir.  Hemmeulanylýan  derman  serişdeleriň  ýarsyna  golaýy  ösümliklerden  alynýar.  Derman  otlaryň,aýratyn   hem,  käbir  keselleri bejermekde  ähmiýeti  uludyr. Mysal  üçin,  ýürek-damar  kesellerini  bejerýän  dermanlaryň  80  göterimi,  bagyr  we  aşgazan-içege  kesellerini  bejerýänleriniň  75  göterimi  ösümliklerden  alynýar.  Bulardan  başga  hem  aýal  kesellerine  garşy  peýdalanylýan  serişdeleriň   80  göterimi,  gakylyk  goparyjy  we  soguljanlara  garşy  ulanylýanlaryň  bolsa  70  göterimi  derman  ösümliklerden  öndürilýär.

       Türkmenistanyň  Ylymlar  akademiýasynyň  ýörite  Derman  ösümlikleri  instituty  işleýär.  Halkymyzy  otlardan   ýasalan  ýerli  derman  bilen  elýeterli  üpjün  etmäge  mümkinçilik  döredýär.

        Şeýle  naýbaşy   ösümlikleriň  biri  hem  müň  derde  derman  bolan  üzärlikdir.  Gadymy  döwürlerden  bäri  halk  tebiрçiliginde,  lukmançylygynda  giňden  ulanylyp  gelýän  üzärlik  häzirki  wagtda  hem  ynsanyýet  üçin  wajyp  ösümlikleriň  biridir.Dünýä    lukmançylygynda  uly  seslenme  tapan  we   giň  ulanylyşa  eýe  bolan  bu  ösümlik  barada   “Türkmenistanyň  dermanlyk  ösümlikleri”  atly  ylmy  ensiklopedik  kitabynda  hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedow  giňişleýin  nygtap geçýär.

       Halkymyz  tutumly  işiň  başyny  tutjak  bolanda,  täze  gelin  öýe  gelende, täze  ulag  alanda,  täze  jaýa  göçende,  doglan  bäbejigi  bäbekhanadan  getirende,  ýatagyndaky  mallarynyň  köşekläp,  owlak  guzulap,  göleläp,  köpelen  wagtlarynda                               “Gözden-dilden,  bela-beterden  gorasyn”  şeýle-de  maşgalada  biri  dümewlese  ondan  başga  birine  ýokuşmasyn  diýip,  üzärlik  tütedipdirler.  Ilkibaşda  uly  bolmadyk  çukurjyk  gazylyp,  şolarda  üzärligi  ýakyp  tütedipdirler.  Häzirki  wagtda  bu  babatda  metaldan  ýasalan  gaplar,  çanaklar  we  beýlekiler  ulanylýar.

       Üzärligiň  tüssesi  syrkow-sökelleri bejermekde  möhüm  ähmiýete eýedir.  Üzärligiň  köküni  gaýnadyp,  onuň  suwuny  içmekbilen,  gyzzyrma  keselinden  saplanypdyrlar.  Lukman  Hekimiň aýtmagyna  görä,  guradylmadyk  üzärlik  bilen  aýagyň  guragyrysyndan ýa-da bogun   agyrlaryndan  saplanyp  bolýar.  Guradylan  üzärlikden  çaý  demläp,sowuklamany,  garaguş  agyryny,  böwrek  keselini,  agzy  çaýkap  dişagyryny,  daşyndan  çalyp  gözagyryny  bejeripdir.

Ýokardaky  aýdylanlar  üzärligiň  ýüz  ärlik  dermanlyk  güýjüniň  bardygyny, türkmen  topragynyň  astynyň-da,   üstüniň-de  hazynadygyny   subut  edýär.