logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi
  25.03.2026
368
Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýty habar berýär.

 

Çykyşlaryň dowamynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň dürli elementlerini, ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri hem-de jigitçilik sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary hödürlediler. Adam bilen bedewiň sazlaşygy, ahalteke atlarynyň nepisligi we çaltlygy tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna sebäp boldy.

 

«Galkynyş» milli topary halkara derejesinde giňden tanalyp, Monte-Karloda geçirilen abraýly Halkara sirk festiwalynda Baş baýraga mynasyp bolupdy. Bu üstünlik türkmen artistleriniň ýokary ussatlygyny we olaryň dünýä sirk sungatyna goşýan goşandyny aýdyň beýan edýär.

 

Şeýle hem maksatnama çäklerinde dürli sirk žanrlary boýunça çykyşlar görkezilip, tomaşa baý we täsirli mazmun bilen tapawutlandy. Tomaşaçylar çykyşlary uly höwes bilen garşy alyp, dowamly el çarpyşmalar bilen goldaw berdiler.

 

«Circus Sea Breeze» arenasyndaky bu çykyş «Galkynyş» toparynyň Azerbaýjandaky çykyşlarynyň dowamydyr. Meýilleşdirilişi ýaly, türkmen artistleri ýakyn günlerde hem özleriniň täsirli çykyşlaryny dowam etdirip, 30-njy marta çenli giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlärler.

 

Şeýle medeni çäreler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk halklaryň özara düşünişmegini ösdürmekde we medeni gymmatlyklary baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär.