logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek halkara foruma gatnaşarlar
  12.04.2024
712
Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek halkara foruma gatnaşarlar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyndan dürli ugurda işleýän ondan gowrak kompaniýa we aýry-aýry kärhanalar 24-nji aprelde  Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Forumyň işine Türkmenistanyň milli guramalary we ministrlikleri:  «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI «Pipeline Company Limited», «Türkmengaz» DK-niň ýanyndaky «Tebigy gaz ylmy gözleg instituty» gatnaşar.

 

Şeýle hem Rysgally gün”, “Bereketli ulag”, “Ýol tumary” ýaly türkmen kompaniýalarynyň we hususy telekeçileriň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Forum nebit we gaz öndürmek, transport we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglanyşykly geljekdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.

 

Mundan başga-da foruma Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar, halkara kompaniýalar, maliýe guramalary we banklar, uniwersitetler we gözleg merkezleri we Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşarlar.

 

Atajan MAKSADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.