Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek II Halkara maýa goýum forumyna we “Aziýa Agro Gaýtadan işlemek 4.0” sergisine gatnaşmaga çagrylýar.
Bu çäre, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek maksady bilen guralar.
Geçen ýyl geçirilen forum, Germaniýa, Şweýsariýa, Eýran, Polşa, Russiýa ýaly ýurtlardan 200-den gowrak gatnaşýan we bilermenleri öz içine aldy. Forum, iň täze çözgütleri maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança hökmünde üstünlikli geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, 2-5-nji dekabry aralygynda geçiriljek bu çärelere netijeli gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplara ähli zerur döwlet maglumatlaryny hödürlemäge we degişli ýardamy bermäge taýýardygyny mälim etdi.
“Aziýa Agro Gaýtadan işlemek 4.0” sergisi, oba hojalyk işewürliginiň wekillerini, gaýtadan işleýän enjamlary öndürijileri, maliýe we hyzmat kompaniýalaryny, pudagyň bilermenlerini, tejribeli işgärleri, döwlet düzümleriniň wekillerini we beýleki gyzyklanýan taraplary birleşdirýän ýöriteleşdirilen platforma bolup durýar.
Mahym BEGMAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.