logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Türkmen telekeçileri "FRESKON" halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
  07.04.2024
536
Türkmen telekeçileri "FRESKON" halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde geçiriljek FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.


 

Miweleriň we gök önümleriň iň uly sergisi TIF HELEXPO tarapyndan gurnalyp, ol şu ýylyň 11-13-nji apreli aralygynda Saloniki şäherinde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde geçiriler.


 

Serginiň dowamynda dürli görnüşli miweler we gök önümler, organiki önümler, gaplama we standartlaşdyrma üçin niýetlenilen enjamlar we materiallar, ulag we logistika kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary, hil gözegçiligi boýunça barlaghanalaryň işleri görkeziler.


 

Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriljek 135-nji “Canton Fair” Halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.

 

Parahat ANNATAGANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.