Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen telekeçileri Delidäki Halkara hünärmentçilik ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýarlar
  30.09.2024
171
Türkmen telekeçileri Delidäki Halkara hünärmentçilik ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýarlar

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy türkmen telekeçilerini we degişli guramalaryň wekillerini şu ýylyň 16-20 oktýabrynda Deli şäheriniň etegindäki Uly Noýdada ýerleşýän “India Expo Centre & Mart” sergiler merkezinde geçiriljek 58-nji “IHGF Delhi Fair” Halkara hünärmentçilik ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrdy.

 

Bu iri göwrümli çäräniň guramaçysy Hindistanyň Hünärmentçilik önümleriniň eksportyny ösdürme geňeşi (EPCH) bolup çykyş edýär. IHGF Delhi Fair ýarmarkasy hünärmentçilik we dizaýn dünýäsinde möhüm waka boljakdygy barada habar beriş serişdelerinde aýdylýar. Ol bir platformada 14 tematiki segment, 2000-den gowrak dürli önüm we hünärmentçilik sungatyndaky häzirki zaman ugurlary görkezýän 300-den gowrak dizaýn işläp düzmelerini köpçülige hödürlär.

 

Bu çäre Türkmenistandan gyzyklanýan gatnaşyjylar üçin işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak we hünärmentçilik önümçiligi we dizaýn babatda täze gazananylary öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

 

Şageldi ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.