logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Society /Türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellegi!
  15.12.2020
1786
Türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellegi!

    Gadymyýetiň jümmüşinde ata-babalarymyz tebigata, onuň baýlaşmagyna aýratyn ähmiýet berip, köp zähmet siňdiripdirler. Olar tebigata ýaşaýşyň, ynsan ömrüniň gözbaşy hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň tebigaty baýlaşdyrmak babatdaky asylly ýörelgelerimiziň çägindäki döwlet tebigy goraghanalarynyň işleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Halkuymyzyň «Bereketli Garagum» döwlet goraghanasy özüniň gadymy durkundaky tebigy görki bilen aýratyn tapawutlanýar. Garagumuň giň sähralyklarynda täsin ösümlikleriň dürli görnüşleriniň bardygyna ylmy maglumatlar, bu ugurdaky gözlegler kepil geçýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsi örän köpdürli hem-de özboluşly bolan Garagum sährasy jahankeşdelere umuman syýahatçylyk üçin täsinliklerden dolydyr. Halkymyzyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Garagum sährasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy, bu tebigy gurşawyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanmagy babatdaky mümkinçilikleri has-da giňelder» diýýän parasatly jümleleri onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi gadymylygy, köpdürlüligi, dünýäde seýrekligi bilen aýratyn tapawutlanyp juda seýrek gabat gelýän mör-möjeklerdir guşlar hem-de haýwanlar bu gözel sähranyň ýaraşygyny has-da artdyrýar.

  Ýurdumyzdaky Repetek döwlet goraghanasy hem giňden adygan ýerleriň biridir. Bu biosfera döwlet goraghanasy, diňe bir ýurdumyzda  däl-de, eýsem, daşary ýurtly alymlara hem mälimdir. Çünki bu ýerde tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýerli tebigy şertlere uýgunlaşmak bilen gadymy sähranyň ebedi ýaşaýjylarydyr we Garagumuň tapylgysyz baýlyklarydyr. Repetek döwlet goraghanasynyň kiçi jandarlara baýlygy örän haýran galdyryjydyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu ýerde       mör-möjekleriň müňden gowrak görnüşi bolup, olar özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle ajaýyp tebigat we haýwanat dünýäsini özünde jemleýän ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalary ösümlikleri, janly-jandarlary, olaryň gurluş aýratynlyklaryny, gelip çykyşlaryny ylmy taýdan öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen tebigatynyň şeýle täsinlikleriniň gizlin syrlaryny öwrenmeklik, şeýle hem gözel tebigatymyzy goramaklyk her bir ynsan üçin uly bagtdyr.