logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar
  04.02.2026
570
Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar

25–28-nji ýanwar aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda (BIMO-2026) hem-de halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO-2026) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş etdiler.


TDH-nyň habar bermegine görä olimpiadalaryň jemleri boýunça türkmen talyplary jemi 46 medal — 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar. Iri intellektual bäsleşiklere dünýäniň 10-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan we Täjigistandan 500-den gowrak talyp gatnaşdy.


Şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilen bäsleşikleriň dowamynda ýokary matematikanyň we himiýanyň möhüm bölümleri boýunça çylşyrymly ýumuşlar ýerine ýetirildi. Gazanylan üstünlikler ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlygyny, milli bilim ulgamynyň döwrebaplygyny hem-de ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanýan hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny aýdyň görkezdi.


Gülşat ÖMÜRKULOWA,
Hojambaz etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň mugallymy.