logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Culture /Türkmen önüm öndürijileriniň sergisi
  29.08.2019
1086
Türkmen önüm öndürijileriniň sergisi

 Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde  Ahal welaýatynyň çägindäki önüm öndürijileriň sergisi öz işini tamamlady. Goňşy ýurduň “Maşad Expo” halkara sergi merkezinde birnäçe günläp dowam eden sergi uly gyzyklanma eýe boldy.

    25-nji awgustda öz işine başlan serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler  iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösýändigi,  täze many-mazmunda baýlaşýandygy barada söz açyp, türkmen önüm öndürijileriniň nobatdaky sergisiniň ähmiýetine ünsi çekdiler hem-de serginiň işine üstünlik arzuw etdiler.

    Sergi köp öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Onuň giň bölümlerinde Ahal welaýatynyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň önümlerine aýratyn orun berildi. “Şerbetli ak gar”, “Çäksiz lezzet”, “Owadan Ülke”, “Ak suw”, “Saka”, “Hilli alýumin”, “Ak ýaýla” hojalyk jemgyýetleriniň, “Täç-hil” hususy kärhanasynyň, “Parasatly” daýhan hojalygynyň, “Çigildem” mebel kärhanasynyň sergi bölümlerine gyzyklanma juda uly boldy. Goňşy ýurduň işewürleri türkmen önüm öndürijileriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümlerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

    Serginiň çäginde oňa gatnaşan ildeşlerimiz üçin goňşy ýurduň gözel ýerleri boýunça gezelençler guraldy. Maşat şäheriniň senagat şäherçesine, şeýle-de gadymy taryhy ýadygärlik toplumyna baryp görmek olar üçin has-da täsirli boldy. Iki ýurduň telekeçileriniň we önüm öndürijileriniň gatnaşmagynda “Maşad Expo” halkara sergi merkezinde geçirilen maslahat özara tejribe alyşmak babatynda möhüm ähmiýete eýe boldy.