Türkmenistanyň mugallymlary Ýaponiýada hünärini ýokarlandyrýarlar
5-nji oktýabrdan 22-nji dekabra çenli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary üçin Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine iş sapary guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýapon uniwersitetine sapary Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň (JICA) guran «Inženerçilik derslerini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek» okuw kursunyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Saparyň maksady ýapon uniwersitetiniň inženerçilik bilimi, okuw meýilnamalaryny guramak we kämilleşdirmek, wajyp ugurlar boýunça ylmy barlaglar, şeýle hem uniwersitetiň laboratoriýalarynda bilelikde ylmy işleri geçirmek we ösen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak tapgyrlaryny öwrenmek bilen baglanyşykly tejribe bilen tanyşmakdyr.
Şu günler Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Sukuba uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ylmy-barlaglarda hünär başarnygyny ýokarlandyrýarlar.
Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Gurdowa professor Ono Masakiniň ýolbaşçylygynda ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary boýunça barlaglar alyp barýar. Nano- we biolukmançylygy elektronikasy kafedrasynyň hem-de himiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymlary Mekan Toýjanow we Enejan Döwranowa professor Takeaki Sakuraýiniň ýolbaşçylygynda ýarymgeçiriji materiallary öndürmek barlaghanasynda ylmy barlaglar geçirýärler. Mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Annamyradowa professor Markos Newesiň ýolbaşçylygynda azyk inženerçiligi laboratoriýasynda ylmy işler alyp barýar.
Ýapon uniwersitetiniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan we netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek. Sukuba uniwersiteti Ýaponiýanyň adybir şäherinde ýerleşýär, ol 130 ýyl mundan ozal döredilipdir. Uniwersitet öňdebaryjy milli uniwersitetleriň dokuzysynyň biridir, ony Ýaponiýanyň hökümeti Global University Project taslamasynyň çäklerinde iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň biri hökmünde ykrar etdi. Uniwersitetde ylmy gözlegler we düýpli ylymlar, tehnologiýalar, inženerçilik, matematika, lukmançylyk we baglanşykly dersara ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ummasyz tejribe toplandy.
Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr
Selbi SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby