Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy, bu ýyl hem uly şatlyk-şowhun bilen ýurdumyzda giňden bellenip geçildi.
Şu ýylyň baýramçylyk dabarasy Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň öňündäki giň meýdançada geçirildi. Toý dabarasyna dünýäniň dürli künjeklerinde gelen myhmanlar, tanymal itşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşuly we ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde geçirlen aýdym-sazly çykyşlar we medeniýet ussatlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabarada alabaýlara bolan çäksiz hormat, olaryň gahryman keşbiniň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny äşgär etdi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alabaýlaryň gadyr-gymmatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de olara berk jan saglyk, halk bähbitli işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.
Çeşme: Türkmenmetbugat.gov.tm
Gunçagül DÖWLETOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby